Sues kanaly 2021-nji ýylda $6,3 mlrd rekord girdeji gazandy

  • 04.01.2022 17:11
  • 4.8k+

2021-nji ýylda Müsürdäki Sues kanalynyň girdejisi 6,3 mlrd dollara ýetdi, bu hem kanalyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada bu suw gatnaw ýolunyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Usama Rabia aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

“2021-nji ýylyň dowamynda kanalyň taryhynda täze we görlüp-eşidilmedik rekordlar goýuldy, çünki ýyllyk girdeji 6,3 mlrd dollara ýetdi. Bu iň ýokary görkezijidir” – diýip, “Al-Ýaum as-Sabia” täzelikler portaly onuň sözlerini getirýär. Bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,8% köpdür, şonda kanal 5,6 mlrd dollar girdeji getiripdi.

Mundan başga-da, Rabianyň aýtmagyna görä, ýyllyk arassa tonnaž hem rekord derejä ýetdi, ýagny ol 1,27 mlrd tonnadan geçdi. Bu geçen ýylky görkezijilerden 8,5% köpdür. Umuman alanyňda, kanal bilen iki tarapa 2020-nji ýyldaky 18 830 bilen deňeşdirilende, 20 694 gämi geçdi. 

Şlýuzsyz Sues kanaly 1869-njy ýylyň noýabr aýynda gämi gatnawy üçin açyldy. Onuň işe girizilmegi Aziýadan Ýewropa deňiz ýoluny söwda we harby gämileri üçin azyndan 8 müň km azaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda kanalyň uzynlygy, takmynan, 160 km, çuňlugy 20 metrden gowrak bolup, bu dünýäniň iň uly gämilerine, şol sanda iň uly nebit tankerlerine-de geçmäge mümkinçilik berýär.


29.04.2026 15:42
1.5k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

29.04.2026 07:36
1.1k+

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

16.11.2025 18:25
1.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hususan-da, Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýu, Müsür Arap Respublikasynyň...

06.11.2025 19:08
1.6k+

ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy wezipesine belli müsürşynas Haled al-Anani saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) penşenbe güni Haled al-Ananini guramanyň täze baş direktory hökmünde tassyklady. ÝUNESKO-nyň habarynda aýdylmagyna görä, guramanyň Samarkantda geçirilen 43-nji Baş Konferensiýasynda al-Ananiniň dalaşgärligini 172 ýurt goldady, 2 ýurt garşy ses berdi, 1 ýurt bolsa saklandy...