Dünýäniň iň garry zenany 119 ýaşady

  • 03.01.2022 23:56
  • 13k+

Ýaponiýanyň ýaşaýjysy, Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, häzirki wagtda dünýäniň iň garry zenany Kane Tanaka özüniň 119 ýaşyny belledi. Garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, özüni 120 ýaşyna çenli ýaşamak maksadyny goýdy. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, news.ru habar berdi.

1903-nji ýylda doglan Kane Tanaka maşgalada ýedinji çagadyr. Ol 19 ýaşynda durmuşa çykypdyr. 1937-nji ýylda bolsa Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söweşde adamsy bilen uly ogluny ýitiripdir.
Ýapon zenany bütin ömrüne unaş (lapşa) satylýan dükanda işläpdir. 1970-nji ýyllarda pensiýa çykandan soň, Tanaka köp ýerlere syýahat edipdir.
2005-nji ýyldan bäri bu aýal garrylar öýünde ýaşaýar. Ol stol üstündäki oýunlary, gazly suwy we şokolady gowy görýär diýip, çeşme belleýär.


18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......