Ronaldu: «Mançester Ýunaýtediň» çykyşyndan kanagatlanmaýaryn»

  • 02.01.2022 10:34
  • 13k+

«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu çykyş edýän klubynyň häzirki möwsümde oýnunyň jemlerini jemläp, görkezijiler babatda närazylygyny mälim etdi.

«Men «MÝ-niň» netijelerinden kanagatlanmaýaryn. Biziň ählimiz hem närazy, muňa meniň şübhäm ýok. Has yhlasly işläp, häzirki görkezýän oýnumyzdan has gowy oýun görkezmelidigimizi bilýäris».

Goý, Täze ýyl möwsümiň aýgytly pursatyna öwrülsin! Geliň, 2022-nji ýyly belent ruh hem güýçli mentalitet bilen garşylalyň. Geliň, elimizde baryny edeliň hem-de kluby hakyky ýerleşmeli ornuna dolap getireliň! Bize goşulyň, biz size umyt edýäris! Täze ýylyňyz bilen, ýakynda görşeris» — diýip, portugaliýaly oýunçy Instagram sahypasynda ýazdy.

Häzirki dowam edýän möwsümde Ronaldu klubyň düzüminde 15 duşuşyga gatnaşyp, 8 gol geçirdi we 3 sany netijeli ýardam pasyny geçirdi. «Mançester Ýunaýted» bolsa, APL-nyň ýaryş jedwelinde 31 utuk bilen ýedinji orunda ýerleşýär. Birinji orunda 53 utuk bilen «Mançester Siti» ýerleşýär.


düýn 23:57
1.5k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.7k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......