Berdimuhamedow aşgabatly okuwçy Ibraýymyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi

  • 31.12.2021 08:51
  • 46k+

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba çagalara täsinlik getirmek, olaryň arzuwlaryny hasyl etmek üçin körpeleriň öýlerine barýar. Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiň okuwçysy Ibraýym Rüstemow köp sanly bagtyýar çagalaryň biri boldy. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda onuň arzuwy hasyl boldy. 

Irden Rüstemowlaryň maşgalasynyň ýaşaýan öýüne arzyly myhmanlar — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk geldiler. Ibraýym olary uly şatlyk bilen garşylady, çünki ol täsin myhmanlara arzuwly hatyny ibereni bäri garaşýardy. Ol bu barada ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňünde geçirilen dabara mahalynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa gürrüň beripdi. Oglanjyk döwlet Baştutanynyň onuň Aýazbaba ýollan hatynyň mazmuny barada gyzyklanandygyny buýsanç bilen habar berdi. Şol hatda ol ýurdumyzyň Prezidenti bilen surata düşmek hem-de täze welosipedi sowgat almak mümkinçiligi barada haýyş edipdi.

Mälim bolşy ýaly, oglanjygyň arzuwynyň birinjisi öňküsi gün hasyl boldy. Şonda ol Baş arçanyň öňündäki dabaranyň barşynda türkmen Lideri bilen surata düşdi. Indi bolsa Aýazbaba Ibraýymyň arzuwyny amala aşyryp, oňa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze, ak reňkli welosipedi gowşurdy. Oglanjygyň bu pursatda begenjiniň çägi bolmady. Ol sowgady uly hoşallyk duýgusy bilen kabul etdi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......