Türkmenistanda web-saýtlar üçin bitewi talaplar işlenip düzüldi

  • 30.12.2021 23:58
  • 11k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi türkmen web-saýtlaryny döretmek hem-de olary ýöretmek boýunça bitewi tehniki talaplary işläp düzdi. Bu resminama Adalat ministrliginiň saýtynda neşir edildi.

Talaplar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň ähli edara-guramalarynyň öz web-saýtlaryny döretmek zerurlygy barada kararyna laýyklykda, işlenip taýýarlanylýan internet-sahypalaryň işine degişli jedelli meseleleri kadalaşdyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.
Bu resminama milli web-saýtlaryň hereket etmeginiň dürli taraplaryny kadalaşdyrýar we şu aşakdakylara kesgitli talaplary bildirýär:

  • Saýtlaryň dizaýnynyň hiline;
  • Web-çeşmeleriň üsti bilen maglumatlary ýaýratmaklyga;
  • Ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny saklamaklyga;
  • Onlaýn tölegleri geçirmeklige;
  • Serwerleri ulanmaklyga;
  • Kiberhowpsuzlygy üpjün etmeklige we beýlekiler.

Bitewi talaplar saýtlaryň täzelikler bölümini yzygiderli täzeläp durmagyny we diňe hakykata laýyk gelýän habarlary ýaýratmagyny talap edýär. Eger-de habarlar üçin maglumatlar daşky çeşmelerden alnan bolsa, onda olara hökmany salgylanma goýulmalydyr. Awtorlyk materiallar awtorlyk hukugynyň üpjün edilmegi üçin at bilen berilmelidir.
Resminamada ulanyjylaryň paýlaşyp biläýjek maglumatlarynyň gizlinliginiň goragyna aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, eger-de çeşmede bellige alnanda ulanyjy öz elektron poçtasynyň salgysyny görkezen bolsa, onda saýtyň eýesi ony şahsy maksatlary üçin ýa-da mahabat ibermek, üçünji şahslara geçirmek üçin ulanmaly däldir.
Bölümleriň biri milli saýtlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek üçin bildirilýän tehniki talaplara degişlidir. Resminamada saýtyň nähili goragly bolmalydygy we kiber hüjümlerden goranmak üçin haýsy gurallaryň ulanylmalydygy düşündirilýär.


şu gün 14:06
1.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
1.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 10:55
5.9k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.2k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......