2021-nji ýylyň iň gowy smartfony belli edildi

  • 28.12.2021 19:34
  • 22k+

Bloger Markes Braunli 2021-nji ýylyň iň gowy smartfonlaryny atlandyrdy. Bu barada onuň YouTube-kanalynda ýerleşdirilen wideoda aýdylýar diýip, lenta.ru habar berýär. 

15 milliondan gowrak abunaçysy bolan meşhur bloger özüniň kanalynda Samsung Galaxy S21 Ultra-ny tamamlanyp barýan ýylyň esasy smartfony diýip belledi. Awtor koreý brendiniň bu enjamynyň bahasynyň ýokary däldigini bellemek bilen, bazardaky iň deňagramly flagmandygyny aýtdy. Mundan başga-da, bloger beýleki nominasiýalarda hem iň gowy smartfonlary saýlady.
Uly ekranly iň gowy enjam Samsung Galaxy Z Fold 3 boldy. Gajet ulanylyşyny ýeňilleşdirýän 7,4 dýuýma çenli eplenýän ekrana eýedir. Munuň tersine, hünärmeniň pikiriçe, iň ykjam gurluş 5,4 dýuým displeý bilen çykan iPhone 13 mini boldy. Esasy kamerafon iPhone 13 Pro bolup, awtoryň aýtmagyna görä, ol surata we wideo düşürmek üçin iň gowy funksiýalary aldy. Braunli iň gowy akkumulýatorly telefon hökmünde bir batareýada bir gije-gündizden köp işläp bilýän iPhone 13 Pro Max-y saýlady.
Bloger başga-da birnäçe gurluşlary aýratynlandyrdy. Samsung Galaxy S21 Ultra iň gowy dizaýn we öňki nesil bilen deňeşdirilende, has düýpli kämilleşme bilen tapawutlandy. Awtor Google Pixel 6-ny pudagyň ösüşine goşan goşandy üçin sylaglady. Şeýle-de, 2021-nji ýylyň möhüm relizi eplenýän Microsoft Surface Duo 2 enjamy boldy. 


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...