James Webb orbital teleskopy kosmosa iberildi

  • 27.12.2021 23:49
  • 5.9k+

Ariane 5 raketasy James Webb orbital teleskopy bilen Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan uçuryldy. Ilkibaşda uçuş 18-nji dekabra meýilleşdirilipdi, ýöne dürli sebäplere görä birnäçe gezek yza süýşürildi diýip, TASS habar berýär.

Soňrak Ariane 5-den teleskoply baş bölegiň aýrylandygy we James Webb-iň orbita çykarylandygy belli boldy.
Şondan soň teleskop dört hepdäniň dowamynda ikinji Lagranž nokadyna, bellenilen ýere tarap hereket eder diýip, Ýewropanyň kosmos agentligi (ÝKA) belleýär. Bu nokat Ýerden Aýa garanda dört esse uzakda, Güne garşy tarapda 1,5 mln km uzaklykda ýerleşýär.
James Webb ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasynyň (NASA), ÝKA-nyň we Kanadanyň kosmos agentliginiň (KKA) bilelikdäki taslamasydyr. SpaceNews amerikan internet portalynyň maglumatlaryna görä, NASA bu taslama 8,8 mlrd dollar, ÝKA raketanyň we uçuşyň bahasy bilen bir hatarda 815 mln dollar, KKA 165 mln dollar maýa goýdy.
Adama Aýda bolmaga mümkinçilik beren “Apollon” maksatnamasynyň ýolbaşçysy Jeýms Uebbiň hormatyna atlandyrylan teleskop orbitada “Habbl” obserwatoriýasynyň ornuny çalşar.
Obserwatoriýada orbita çykarylanlaryň arasynda iň ulusy bolan, 6,5 m diametrli aýna oturdyldy. James Webb Uly partlamadan soň emele gelen Älemde iň gadymy ýyldyzlary we galaktikalary öwrener hem-de ýaşamak üçin oňaýly bolan planetalaryň gözlegi bilen meşgullanar. Onuň ulanylyş möhleti 10 ýyl.


düýn 15:59
1.3k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......

09.05.2026 11:01
5.1k+

ABŞ uçýan näbelli obýektler (UNO) baradaky resminamalaryň gizlinligini aýryp başlady

Pentagon näbelli anomal hadysalara degişli faýllary çap edip başlady....

07.05.2026 07:16
1.4k+

NASA Artemis II missiýasynda düşürilen 12 müňden gowrak surata elýeterlilik açdy

NASA Aýyň daşyndan aýlanmak boýunça amala aşyrylan «Artemis II» missiýasy wagtynda düşürilen suratlaryň doly arhiwini çap etdi....

04.05.2026 23:19
2.7k+

18-nji maýda Aý bilen Weneranyň seýrek ýakynlaşmasy bolup geçer

18-nji maýda Ýeriň ýaşaýjylary görüp bolýan astronomik hadysany — Aýyň we Weneranyň wizual ýakynlaşmasyny synlap bilerler. Agşam asmanynda ýagty planeta ulalyp barýan inçe orak şekilli Aýyň ýanynda peýda bolar....