2021-nji ýylda kompýuter oýunlaryna we enjamlaryna isleg rekordlary täzeledi

  • 27.12.2021 23:42
  • 2.8k+

Newzoo kompaniýasy tarapyndan neşir edilen maglumatlara görä, koronawirus ýokançlygy sebäpli ýüze çykýan global problemalara garamazdan, kompýuter oýunlary pudagy girdejiler babatdaky rekordlary täzeleýär. Bu barada Venture Beat-e salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

2020-nji ýyldan bäri täze geýmerleriň sany artdy diýip, çeşme belleýär. Bu babatdaky görkezijileriň geçen ýyldakydan köpelmegi pandemiýa we global lokdaunlar sebäpli bolup biler, sebäbi oýun ýeňil güýmenjä öwrüldi. Newzoo oýun pudagynyň ýyllyk 175,8 milliard dollar girdeji gazanjakdygyny çaklapdy. Muňa garamazdan, ýyllyk girdeji 180,3 milliard dollara barabar boldy.

“Ýylyň başynda biz bazar 2020-nji ýyldaky görkezijilerden ýokary geçip bilmez öýtdük... Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýyla dokuz aý galanda biz bazaryň ýene ösjekdigine düşündik” -diýip, Newzoo-nyň hasabatlar we çaklaýyş bölüminiň başlygy Tom Wiiman belledi.

Hakykatdanam, esasan, 7,3 göterim ýokarlanan mobil pudagynyň ösüş depgini sebäpli, görkezijiler analitikleriň garaşyşlaryndan has ýokary boldy. Kompýuter we konsol bazarlary hem garaşylýandan has gowy netije görkezip, degişlilikde, 0,8 milliard dollar we 1,2 milliard dollar girdeji gazandy.

düýn 23:59
493

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus sturtapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

düýn 13:09
6.3k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
1.8k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....