Intel Fransiýadaky, Italiýadaky we Germaniýadaky zawodlaryna 28 milliard maýa goýar

  • 27.12.2021 23:34
  • 2.3k+

Intel tehnologik taýdan artykmaçlygyny täzeden dikeltmek üçin Fransiýada, Germaniýada we Italiýada önümçilik desgalarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Intel-iň global maksatnamasy Fransiýada ylmy-barlag merkeziniň we Italiýada synag we gurnama zawodynyň gurluşygyny öz içine alýar. Kremniý plastinini öndürjek esasy zawodyň bolsa Germaniýada gurulmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Intel 2022-nji ýylda täze zawodlaryň we enjamlaryň gurluşygy üçin 28 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, kompaniýa 2021-nji ýylda munuň üçin, takmynan, 18 milliard dollar harçlapdy. Kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Pet Gelsinger Aziýanyň agalygyny deňagramlaşdyrmak we TSMC-den we Samsung-dan yza galmazlyk üçin ABŞ-da we Ýewropada önümçiligi ösdürmek isleýär. Maýa goýujylar bolsa çykdajylaryň ýokarlanmagynyň girdejä ýetirip biljek täsiri babatda aladalanýarlar. Ýeri gelende bellesek, Intel-iň paýnamalary 2021-nji ýylda bary-ýogy 2,3 göterim ýokarlandy.


düýn 09:16
811

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

11.11.2025 14:30
8.4k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

02.11.2025 20:05
2.6k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...