Türkmenistanda 1-nji ýanwara çenli käbir harytlar 50 göterim arzanladylar

  • 25.12.2021 08:45
  • 34k+

Şu gün — 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli, käbir harytlaryň bahalary 50 göterime çenli arzanladylar. Bu barada 24-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde türkmen Lideri degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, wise-premýer Ç.Gylyjowa ertirden başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyryldy.

Wise-premýer M.Mämmedowa bolsa metbugatda we teleradioýaýlymlarda bu çäräni hem-de arzanladylan bahadan satylýan harytlary giňden mahabatlandyrmak barada görkezme berildi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......