Argentinanyň Kubogynyň iň gowy golçusynyň baýragyna Agueronyň ady dakyldy

  • 25.12.2021 08:30
  • 5.4k+

Argentinada ýakynda saglyk ýagdaýy sebäpli karýerasyny tamamlan Serhio Aguero hormatlandy. Onuň ady ýurduň belli futbol baýraklarynyň birine dakyldy. Bu barada sports.ru habar berdi.

2022-nji ýylda Argentinanyň Kubogynyň iň köp gol geçiren oýunçysyna berilýän baýraga "Mançester Sitiniň" we "Barselonanyň" öňki oýunçysy Agueronyň dakylar. Muny ýurduň Futbol federasiýasynyň prezidenti Klaudio Tapia mälim etdi.
Karýerasynyň dowamynda hüjümçi “Independiente”, “Atletiko” klublarynda, şeýle hem Argentinanyň milli ýygyndysynda hem çykyş etdi.
Ol klub derejesinde Ýewropa ligasynda we UEFA-nyň Super kubogynda, bäş gezek Angliýanyň çempionatynda, alty gezek iňlis ligasynyň kubogynda, bir gezek Angliýanyň kubogynda we üç gezek Angliýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy.
Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Aguero 2008-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda, şeýle hem 2021-nji ýylda Amerikanyň kubogynda ýeňiji boldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......