ABŞ-da ömür dowamlylygy 2020-nji ýylda tas iki ýyl azaldy

  • 23.12.2021 19:48
  • 6.7k+

ABŞ-da ömür dowamlylygy 2020-nji ýylda iki ýyla golaý azaldy, bu hem ýurtda soňky 75 ýylda iň uly ýyllyk azalma boldy. Bu barada ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça federal merkezleriniň (CDC) gutarnykly statistik maglumatlaryna salgylanyp, “The Hill” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Berlen maglumatlara görä, ýurtda ömür dowamlylygy 77 ýaş bolup, bu 2019-njy ýyldaky çaklamadan 1,8 ýyl azdyr. Erkekleriň arasynda bu görkeziji bellenilen döwürde 2,1 ýyl azalyp, 74,2 ýaş, aýallaryň arasynda 1,5 ýyl azalyp, 79,9 ýaş boldy. Munuň esasy sebäbi ABŞ-da eýýäm 810 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna getiren COVID-19 keseli sebäpli ölüm boldy.

Neşir ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň 15 ýaşdan başlap, ähli etnik we ýaş toparlarynda hasaba alnandygyny belleýär. Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenleriň arasynda bu görkeziji erkekler we aýallar üçin degişlilikde, 42,7% we 32,4%, afroamerikalylaryň arasynda 28% we tas 25%, ABŞ-nyň ak ilatynyň arasynda 13,4% we 12,1% ýokarlandy.

CDC-niň hasabatynda geçen ýyl ýurtda süýji keselinden ölümiň ilkinji gezek 100 müň hadysadan geçendigi, tötänleýin şikeslerden ölümiň 200 müňden geçendigi görkezilýär.


düýn 20:01
2.6k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

12.05.2026 11:50
6.7k+

Amerikanyň ýaşaýjysy «Bearbrick» şekiljikleriniň heniz görülmedik möçberini ýygnap Ginnese girdi

Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy, amerikaly kolleksioner Deniel Park dünýäde iň köp «Bearbrick» şekiljiklerini ýygnap, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy....

10.05.2026 13:00
11k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

09.05.2026 14:17
11k+

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýörite çempionlyk guşagy tanyşdyryldy

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýeňijilerine gowşuryljak ýörite çempionlyk guşagynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 15-nji iýunda Waşingtonda geçiriljek bu bäsleşik ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk......