«Dýuna» filmi dört «Oskara» dalaş edýär

  • 23.12.2021 18:24
  • 4.9k+

Deni Wilnýowyň “Dýuna” (Dune) fantastik dramasy iň gowy grim we saça timar berme, iň gowy wizual effektler, iň gowy ses we iň gowy aýdym-saz kategoriýalarynda dört “Oskara” dalaş edýär. 10 kategoriýada baýraga dalaşgärleriň gysga sanawy Amerikan kinoakademiýasy tarapyndan yglan edildi diýip, TASS habar berýär.

Iň gowy daşary ýurt filmi, dokumental film, gysga metražly dokumental film, iň gowy aýdym, gysga metražly multiplikasion film, gysga metražly oýun filmi kategoriýalarynda hem dalaşgärleriň sanawy belli edildi. Her gysga sanawda 10-15 dalaşgär bar.
Jeýms Bond hakynda täze film “Ölmegiň wagty däl” (No Time to Die) grim we saça timar berme, iň gowy aýdym-saz, iň gowy aýdym we iň gowy ses kategoriýalarynda, “Itiň hökmürowany” (The Power of Dog) dramasy iň gowy ses we iň gowy aýdym-saz kategoriýalarynda gysga sanawlara girdi. “Kruella” (Cruella), “Guççi öýi” (House of Gucci), “Öz janyna kast edijileriň topary: Tutuşlygyna missiýa” (The Suicide Squad) – grim we saça timar berme, “Iň soňky duel” (The Last Duel) – iň gowy aýdym-saz, “Matrisa: Direliş” (The Matrix Resurrections), “Gara dul aýal” (Black Widow), “Möý adam: öýe ýol ýok” (Spider-Man: No Way Home) – wizual effektler kategoriýasynda sanawa girdi. 
Baýraga dalaşgärleriň doly sanawy 8-nji fewralda mälim ediler, ýeňijileri sylaglamak dabarasy 27-nji martda bolar. 

düýn 23:12
1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
919

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......