Apple uzak aralykdan işleýän her bir işgärine 1000 dollardan tölär

  • 19.12.2021 19:58
  • 4.2k+

Amerikanyň Apple kompaniýasy uzak aralykdan işleýän her bir işgärine müň dollar tölemek kararyna geldi. Bu serişde öýde iş ýerini gurnamaga kömek etmek üçin niýetlenendir. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Kömek puluny bermek karary baradaky maglumaty kompaniýanyň başlygy Tim Kukyň özi mälim etdi. Muny ilkinji bolup Bloomberg neşiri köpçülige ýetirdi.

“Bu serişdeler size öýdäki iş ýeriňiz babatda kömek etmek üçin niýetlenendir. Olary öz islegiňiz boýunça ulanyp bilersiňiz"-diýip, tehnologiýa ägirdiniň baş direktory aýtdy. Şeýle hem ol özüni we töweregindäkileri goramak üçin sanjymyň möhümdigini ýatlatdy.

Ýatlap geçsek, Apple-iň işgärleri uzak aralykdan iş tertibine koronawirus pandemiýasynyň başlamagy sebäpli geçipdiler.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....