Lionel Messiniň transfer bahasy arzanlady

  • 18.12.2021 20:00
  • 13k+

“Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň transfer bahasy 20 mln ýewro arzanlady. Bu barada Transfermarkt portalyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär. 

Ýedi gezek “Altyn topuň” eýesi bolan futbolçynyň bahasy 25% peseldi. Häzirki wagtda onuň bahasy 60 mln ýewro. Soňky gezek ol şeýle baha 2009-njy ýylda eýe bolupdy. Iň ýokary baha 2018-nji ýylyň maý aýynda ýetildi, şonda Messiniň bahasy 180 mln ýewro boldy.
34 ýaşly argentinaly hüjümçi fransuz klubunda ilkinji möwsümini geçirýär. Häzirki möwsümde ol 15 oýna gatnaşyp, alty gol geçirdi.
Messi “PSŽ-e” “Barselonadan” geçdi. “Barselonanyň” düzüminde ol dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup, on gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. 
Şeýle-de, “PSŽ” klubunyň ýene bir ýyldyzy Neýmaryň hem bahasynyň 10% arzanlandygyny bellemek gerek. Onuň transfer bahasy 100 mln ýewrodan 90 mln ýewro çenli peseldi. 


düýn 19:10
5.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....