Täze ýyly garşylamak üçin medeni maksatnamada nähili çäreler bar?

  • 18.12.2021 19:53
  • 10k+

17-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Täze ýyly mynasyp garşylamak mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri Täze ýyl baýramçylygyna şowhunly teleradio gepleşikleri, dowamlylygy gysga çeper filmleri we dabaralary taýýarlaýarlar. Teatrlarda täze ýyl sahna oýunlary meýilleşdirildi. Welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda 24 — 26-njy dekabrda baýramçylyk konsertleri guralar.

31-nji dekabrda welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň, paýtagtymyzdaky Döwlet sirkiniň we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançalarda hem-de “Ylham” seýilgähinde sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar. Paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýurdumyzyň sebitleri bilen teleköpri arkaly baglanyşdyrylar. Şol gije baýramçylyk feýerwerki meýilleşdirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygynyň şatlyk-şowhuna beslenmegi, onuň hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň ruhuna laýyk derejede guralmagy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 14:06
1.7k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
1.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 10:55
5.9k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.2k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......