Türkmenistanda 2022-nji ýylda açyljak desgalaryň sanawy taýýarlanylýar

  • 18.12.2021 18:49
  • 9.3k+

17-nji dekabrda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanmagy hem-de açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 2500-den gowragynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan geçirilen seljermäniň netijeleri boýunça 2022-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy taýýarlanyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary gurmak boýunça işleri ýokary depginde dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, degişli düzümleriň ählisi bilen bilelikde, geljek ýylda dabaraly ýagdaýda açyljak binalaryň we desgalaryň taýýarlanylan sanawyny içgin seljermegi we öwrenmegi tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......