Uber ilkinji gezek kosmosa iýmit eltip berdi

  • 17.12.2021 08:51
  • 7.8k+

Uber programmasy ilkinji gezek kosmosa iýmit eltip berdi. Bu barada CNET web sahypasyna salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Uber Eats kosmosa ilkinji gezek iýmit eltip berendigini mälim etdi. Munuň üçin kompaniýa adaty çaparyň (kurýeriň) ýa-da sürüjiniň däl-de, eýsem, ýapon telekeçisi Ýusaku Maezawanyň kömeginden peýdalandy. Ýadymyzda bolsa, Ýusaku Maezawa ýakynda Russiýanyň “Soýuz” kosmos gämisi arkaly öz kömekçisi bilen orbita çykypdy.

Maezawa Halkara kosmos stansiýasynyň ekipažyna Uber Eats bukjasyny we taýýar konserwirlenen ýapon naharyny eltdi.  Kompaniýanyň wekilleriniň pikiriçe, olar adaty kosmos iýmitleriniň köpdürlüligine uly goşant goşdular.

Hawa, Halkara kosmos stansiýasynda işlemegiň howply hem-de ýetmezçilikli taraplary hem bar. Mysal üçin, ol ýerde ýörite programmalary açagada, öz halaýan iýmitiňi orbita getirdip bolmaýar. Emma Uber geljekde bu ýagdaýy düzetmegi hem-de orbital iýmit eltip bermek hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.


20.09.2025 18:04
4.3k+

Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär. Taslama Uberiň Gündogar...

26.07.2025 11:57
4.1k+

ABŞ-da Uber zenanlara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berer

Uber kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgustyndan ABŞ-da zenan ýolagçylara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berýän synag funksiýasyny işe girizer. Bu barada CNBC habar berýär. Hyzmat Los-Anjeles, San-Fransisko we Detroýt şäherlerinde elýeterli bolar...

03.07.2024 11:45
7.4k+

Uber kompaniýasy şahsy ulagyndan 5 hepdelik ýüz öwren adama 1000 dollar tölär

Uber kompaniýasy ABŞ-da we Kanadada synag geçirip, öz şahsy ulagyndan 5 hepdelik  ýüz öwren adama 1000 dollar berjekdigini aýtdy diýip, The Verge habar berýär. Saýlanyp alnan 175 gatnaşyjy barjak ýerlerine jemgyýetçilik...

şu gün 14:59
389

Blackpink YouTube-da 100 mln abunaçy jemlän ilkinji aýdym-saz topary boldy

Blackpink k-pop topary aýdymçylaryň arasynda YouTube-da 100 million abunaçy ýazylan ilkinji aýdym-saz topary boldy we gyzyl göwher düwmä (Red Diamond Creator Award) mynasyp görüldi. Wideohostingiň bütin taryhynda bu baýraga eýe bolan T-Series, MrBeast, Cocomelon, SET India we WWE ýaly kanallaryň sany 20-den hem azdyr...