Uber kompaniýasy şahsy ulagyndan 5 hepdelik ýüz öwren adama 1000 dollar tölär

  • 03.07.2024 11:45
  • 7.5k+

Uber kompaniýasy ABŞ-da we Kanadada synag geçirip, öz şahsy ulagyndan 5 hepdelik  ýüz öwren adama 1000 dollar berjekdigini aýtdy diýip, The Verge habar berýär.

Saýlanyp alnan 175 gatnaşyjy barjak ýerlerine jemgyýetçilik ulagynda, takside, karşeringde, welosipedli, elektrik skuterinde we ş.m. gitmeli bolar.
Uber awtoulagyň eýesine gymmat düşýändigini, saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsir edýändigini nygtaýar. Uber-iň beren puluny diňe ulag çykdajylary üçin ulanyp bolar. Ýagny,

  • 500 dollar Uber programmasynda ulagly gezelenç, welosiped we Lime skuteri üçin sarp edip boljak, “Uber Cash” görnüşinde berler;
  • 200 dollarlyk talony awtoulagy kärendesine alanda ýa-da karşering üçin ulanyp bolar;
  • 300$ - ulagyň beýleki görnüşlerine, şol sanda jemgyýetçilik ulagyna çykýan pul.

Synagyň 22-nji iýul - 25-nji awgust aralygynda geçirilýändigi bellendi. Islendik adam gatnaşmak üçin onlaýn ýüz tutup biler. Uber her şäherden 30 adamy saýlap alýar.
2023-nji ýylda Awstraliýada hem şuňa meňzeş synag geçirilipdi, ol şondan soň gatnaşyjylaryň ýygy-ýygydan ýöremäge we alternatiw ulagdan peýdalanmaga başlandygyny görkezdi.


düýn 16:26
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......