Vollebak markasy egin-eşik öndürmek üçin hapa howany ulanylyp başlandy

  • 17.12.2021 08:49
  • 9.5k+

Vollebak markasy egin-eşik öndürmekde hapa howany ulanyp başlady. Bu barada Dezeen neşirine salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Çap edilen maglumatlara görä, kärhanada eşikler kömürturşy gazynyň zyňyndylaryna esaslanýan boýag bilen boýalyp başlandy. Kömürturşy gazynyň zyňyndylary suwotularynyň kömegi bilen suwda toplanyldy.

Kompaniýanyň işgärleriniň ilki bilen ýyly süýji suw howdanlarynda ýerleşýän spirulina suwotularyndan bolan biomassany termiki taýdan gaýtadan işleýändigi aýdylýar. Netijede, ýokary temperaturanyň täsiri bilen ösümlikler gara tozga öwrülýär. Mundan başga-da, bu reňk suwotularyň ýaşaýyş prosesine siňdirilen uglewod bilen baglanyşyklydyr. Ondan soň emele gelen poroşok suw esasly akril baglaýjy bilen garylýar we organiki materiallardan ýasalan köýnekçeleri boýap bolýan syýa alynýar diýip, çeşme belleýär.


07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......