Berdimuhamedowyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 16.12.2021 15:32
  • 8.5k+

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusyna bagyşlanan “Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Artistler döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusyny uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjylar we şahyrlar milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanýandygyny nygtadylar.

Çykyş edenler täze eseriň, ilkinji nobatda, ýaş nesiller üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini bellediler. Goşgynyň awtory halkara derejede ykrar edilen Bitaraplygyň syýasy-hukuk derejesi barada aýdyp, okyjylara halklary parahatçylygyň, rowaçlygyň hem-de tutuş adamzadyň bagtly geljeginiň bähbidine jebisleşdirýän ýörelgeleriň mizemez ähmiýetini açyp görkezýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyna döredilen aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......