Dmitriý Biwol öz watandaşy Salamowy ýeňip, WBA boýunça çempionlygyny gorady

  • 14.12.2021 19:53
  • 5.4k+

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) ýarym agyr agramdaky (79,4 kilograma çenli) dünýä çempiony Dmitriý Biwol Ýekaterinburgda geçirilen ýaryşda öz watandaşy Umar Salamowy ýeňdi.

Doly 12 raund dowam eden söweşde emin agzalarynyň topary biragyzdan Biwolyň ýeňşini ykrar etdiler. Netijede, Biwol öz titulyny ilkinji gezek Russiýada gorady. Ýaryş RCC Boxing Promotions kompaniýasy tarapyndan guraldy.
Professional ringde ýekeje gezek hem ýeňilmedik 30 ýaşly Biwolyň hasabynda 19 ýeňiş (11-i nokaut bilen) bar. 27 ýaşly Salamow 26 gezek ýeňiş gazandy (19-y nokaut bilen) we iki gezek ýeňlişe sezewar boldy.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....