New Shepard gämisi kosmosa üçünji uçuşyny amala aşyrdy

  • 14.12.2021 19:55
  • 3.2k+

Milliarder Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy kosmos syýahatçylary bilen New Shepard suborbital kosmiki gämisiniň üçünji uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada kompaniýa salgylanyp, www.vokrugsveta.ru habar berdi.

Öňki iki uçuşda kompaniýa dört adamdan ybarat ekipažy uçuran bolsa, bu gezek New Shepard-yň bortuna alty adam mündürildi. Ekipažyň düzümine ilkinji amerikan astronawty Alan Şepardyň uly gyzy Lora Şepard, "Ertiriň haýyrly, Amerika" telewizion gepleşiginiň alyp baryjysy Maýkl Streýhen, maýadar Ewan Dik, Bess Ventures kompaniýasynyň esaslandyryjysy Leýn Bess we onuň ogly Kameron, şeýle hem maýadar Dilan Teýlor dagylar girdi. Olardan Lora Şepard bilen Streýhen uçuşy mugt amala aşyrdylar, galanlary bolsa kosmos bileti üçin tölemeli boldular.

Ýatlap geçsek, 20-nji iýulda bortunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolan New Shepard gämisi ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş on bir minut dowam etdi. Bezosdan öň suborbital uçuşy bortunda Virgin Galactic kompaniýasynyň esaslandyryjysy milliarder Riçard Brenson bolan Unity-22 gämisi amala aşyrypdy.


05.08.2025 21:50
3.4k+

Blue Origin kriptomilliarder Jastin Sany suborbital uçuşa iberdi

Blue Origin kompaniýasy 3-nji awgustda NS-34 missiýasynyň çäklerinde suborbital uçuşy üstünlikli amala aşyrdy. New Shepard raketasynda uçuşa kriptomilliarder Jastin San we ýene bäş gatnaşyjy iberildi. Uçuş günbatar Tehasdaky kosmodromdan boldy...

14.04.2025 22:50
7k+

Tutuş zenanlardan ybarat ekipaž Blue Origin raketasy bilen kosmos syýahatyndan soň sag-aman Ýere dolanyp geldi

Şu gün, 14-nji aprelde, Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard atly suborbital kosmos gämisiniň 31-nji missiýasynyň çäklerinde hususy uçuş amala aşyryldy. Kosmos gämisiniň ekipažynda alty sany zenan bardy: aýdymçy...

01.03.2025 21:37
4.7k+

Meşhur aýdymçy Keti Perri kosmosa çykar

Keti Perri kosmos syýahatçysy bolar. Meşhur aýdymçynyň Jeff Bezosyň kosmos gämisi bilen uçjakdygy barada Blue Origin aerokosmiki kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Täze kosmos syýahatçylarynyň...

07.08.2024 13:57
2k+

Blue Origin ilkinji gezek nigeriýalyny kosmosa iberer: kosmonawt milli ses berişlik arkaly saýlanar

Ilkinji nigeriýaly kosmonawt milli ses berişlik arkaly saýlanar we Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň eýeçiligindäki Blue Origin amerikan kompaniýasynyň adybir gämisinde kosmosa uçar diýip, The Conversation...