«Altyn» ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy

  • 14.12.2021 19:57
  • 2.8k+

Kin – “altyn” (金) ieroglifi Ýaponiýada tamamlanyp barýan ýylyň nyşany boldy. Ony Ýaponiýanyň Ieroglif sowatlylygyny barlamagyň assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýän sosialogik pikir soraşma gatnaşyjylar saýladylar diýip, “Japan Times” neşiri ýazýar. Muny www.rbc.ru ýetirýär.

Ieroglif (kandzi) “metal” we “pul” manylaryny hem berýär.

Ieroglifiň saýlanmagy ýaponiýaly türgenleriň 2020-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda gazanan altyn medallarynyň sany bilen baglanyşyklydyr. Ýaryşlar koronawirus çäklendirmeleri sebäpli bir ýyl yza süýşürilenden soň şu ýylyň iýul aýynda geçirildi.

Ýaponiýaly türgenler altyn medallaryň rekord sanyny (27) gazanyp, 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Oýunlarda goýlan we 2004-nji ýylda Afinada gaýtalanan 16 baýrak rekordy täzelediler. 

Pikir soraşma 27-nji gezek geçirilýär. Ieroglif saýlananda, ýurduň baş budda ruhanysy Seýhan Mori (Kiotodaky Kiýomidzu ybadathanasynda hyzmat edýär) nyşany uly kagyz ýüzünde ullakan kalligrafiýa çotgasy bilen şekillendirdi. 

“Altyn” ieroglifi eýýäm dördünji gezek ýylyň nyşany boldy. Ol 2000-nji, 2012-nji we 2016-njy ýyllarda hem saýlanypdy. Geçen ýyl ýylyň ieroglifi “ýakyn” ýa-da “dykyz” manylaryny berýän mitsu (密) boldy. Ol koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri alamatlandyrýar.


18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......