Simona Baýlz “Time” žurnaly tarapyndan “Ýylyň türgeni” adyna eýe boldy

  • 12.12.2021 16:07
  • 3.2k+

“Time” amerikan žurnaly “Ýylyň türgeni” adyny gimnastikaçy Simona Baýlza berdi. Bu barada TASS habar berýär.  

2021-nji ýylyň tomsunda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Baýlz sport gimnastikasy boýunça toparlaýyn ýaryşlarda kümüş medala we pürsüň üstündäki maşklarda bürünç medala mynasyp boldy, ýöne agyr psihologik ýagdaýy we giňişlikde ugry tapmak bilen bagly kynçylyklar sebäpli beýleki dört dissiplinada çykyş etmedi. 
Baýlz 24 ýaşynda, ol dört gezek Olimpiýa çempionydyr. Rio-de-Žaneýroda geçirilen Oýunlarda amerikaly türgen erkin maşklarda, eliňi diräp bökmekde, şahsy we toparlaýyn mnogoborýede altyn medal, pürsüň üstünde maşklary ýerine ýetirmekde bürünç medal gazandy. Şeýle-de, ol 19 gezek dünýä çempionydyr. 


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......