Habibiň ligasy 2022-nji ýylda ABŞ-da 9 sany ýaryş geçirer

  • 12.12.2021 09:09
  • 14k+

Habib Nurmagomedowyň EFC ligasynyň başlygy Şamil Zawurow promouşeniň geljekki meýilnamalary barada gürrüň berdi. Muny championat.com habar berdi.

“Amerikadaky ýaryşmy? Bu heniz diňe başlangyjy. Biz 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da dokuz sany ýaryş geçirmegi meýilleşdirýäris, biziň diýseň uly meýilnamalarymyz bar"-diýip, Zawurow EFC ​​43 ýaryşyna gatnaşyjylaryň agramyny çekmek dabarasyndan soň žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy.

“Biziň öz işimiz bar, biz diňe GDA ýurtlarynda däl, eýsem, dünýä arenasynda-da özümizi tanatmak isleýäris. Ýewropada bolşy ýaly, Amerikada hem ýaryşlary guramakçy bolýarys" diýip, championat.com Zawurowyň sözlerini getirýär.

ABŞ-da ilkinji EFC ýaryşy 28-nji ýanwarda Maýamide geçiriler. Agşamyň esasy wakasynda agyr agramda çykyş edýän Bigfut lakamly söweşiji Antonio Silwa Taýron Spong bilen güýç synanyşar.


08.03.2026 16:07
7.9k+

Oliweýra 11 ýyldan soň Holloueýden ar alyp, BMF guşagynyň eýesi boldy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra amerikaly Maks Holloueýi ýeňip, Las-Wegasdaky «Ti-Mobaýl» arenasynda geçirilen UFC 326 ýaryşynda BMF titulyny gazandy. Agşamyň esasy söweşinde garşydaşlar tutuş bäş raund söweşdi, şondan soň eminler biragyzdan ýeňşi Oliweýra berdi — 50:45...

19.02.2026 15:37
4.5k+

Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler

Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar...

08.02.2026 04:46
11k+

Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady

Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi...

04.02.2026 12:15
5.1k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi

4-nji fewrala geçilýän gije Dubaýda (BAE) PFL ligasynyň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen çempionlyk guşagyna dalaşgär iňlis pälwany Alfi Dewisiň arasyndaky duşuşykdan öň däp bolan «bakyşlaryň çaknyşygy» boldy...