ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça wekili parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşýar

  • 11.12.2021 23:40
  • 2.3k+

10-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, ilçi Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegine berk ygrarlydygy tassyklanyldy we geljekde Türkmenistanyň ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, özara hereketleriň häzirki hereket edýän ikitaraplaýyn gurallarynyň, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan», Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça konsultatiw duşuşyklaryň, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky özara hereketleriň netijeliligi beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde howpsuzlyk, durnukly ösüş we ynsanperwerlik ugry boýunça alnyp barylýan gatnaşyklaryň giň toplumy boýunça durmuşa geçirilýän sebitleýin taslamalaryň iş ýüzündäki oňyn netijesi nygtaldy.


düýn 22:09
708

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
550

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
656

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......