2022-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,5 % derejede ösdüriler

  • 11.12.2021 23:17
  • 3.1k+

Hökümetiň 10-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylda döwletiň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýynyň garaşylýan netijeleri, geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýally, häzirki döwürde ýyly gowy netijeler bilen jemlemek, durnukly makroykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijelerini gazanmak, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň üstümizdäki 2021-nji ýyl üçin bellenen iş meýilnamalaryny doly amala aşyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Şu ýylyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 101 göterim we çykdajy böleginiň 99,6 göterim ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Wise-premýer 2022-nji ýyl üçin gaýragoýulmasyz wezipeler barada hasabat berip, milli ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny artdyrmaga, pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak arkaly pudaklaryň girdejililigini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň görüljekdigini aýtdy. Geljek ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterime çenli möçberde emele gelmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp bolan we gurluşygy alnyp barylýan binalaryňdyr desgalaryň, saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, agyz suw üpjünçilik desgalarynyň hem-de mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......