KHBS: Facebook 2019-njy ýylda Instagram-yň zyýany bilen bagly derňew işini geçirdi

  • 10.12.2021 18:15
  • 4.7k+

Ýaňy-ýakynda Meta diýlip atlandyrylan Facebook kompaniýasy 2019-njy ýylda Instagram sosial ulgamynyň ýetginjekler üçin zyýanynyň bardygyny subut edýän hususy derňew işini geçirdi. Bu barada Facebook-yň içerki resminamasyna salgylanyp, “Asahi” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Gazetiň maglumatlaryna görä, tejribe işine alty ýurtdan, şol sanda Ýaponiýadan 20 müňe golaý adam gatnaşdy. Onuň netijesine görä, öz janyňa kast etmek we öz-özüňe zyýan ýetirmek pikirleri bolan 10 – 20 ýaş aralygyndaky gyzlaryň 13,5%-i Instagram lentalaryny görenden soň bu ýagdaýlaryň has ýaramazlaşandygyny aýtdylar.

Mundan başga-da, özlerini erbet duýýan gyzlaryň 32,4%-i Instagram-yň ulanylmagy netijesinde alamatlarynyň ýaramazlaşandygyny habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň paýy Instagram-yň ýaramaz duýgular bilen göreşmäge kömek eden adamlarynyň paýyndan ýokary boldy diýip, gazet belleýär.

Gazetiň Facebook-yň içerki resminamasyny nähili alandygy barada maglumatlar getirilmeýär.

Oktýabr aýynda ABŞ-nyň Kongresiniň Senatynda internetde çagalaryň howpsuzlygy meselesi boýunça ilkinji diňlenişik geçirildi. Onda esasy üns Facebook-yň öňki işgäri Frensis Haugene gönükdirildi. Ol Facebook-da sosial ulgamlarynyň, aýratynam Instagram-yň ýetginjeklerde ýüze çykarýan psihologiki kynçylyklary barada bilnendigini, ýöne zyýanly amallary düzetmek üçin çäreleriň görülmändigini tassyklady. Munuň tersine, ulanyjylaryň gatnaşygynyň ýokarlanmagyna ýardam edendigi üçin olar has ýaýbaňlandyryldy. 

Haugen tarapyndan Facebook-yň öň metbugata berlen içerki maglumatlary onuň aýyplamalaryny tassyklaýar. Olar soňky hepdelerde dürli KHBS-de neşir edildi. Internet ägirdi bilen bagly aýyplamalar kanun çykaryjylar tarapyndan onuň işini berk düzgünleşdirmek üçin ulanylyp bilner. 


03.03.2026 18:43
7.3k+

Mark Sukerberg «bunker-adada» 170 million dollara emläk satyn aldy

Amerikaly telekeçi Mark Sukerberg aýaly Prissilla Çan bilen bilelikde Indian-Krik emeli adasynda rekord 170 million dollara emläk satyn aldy. Bu barada Bloomberg agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi. Bu ada «milliarderleriň bunkeri» hökmünde hem tanalýar...

21.02.2026 10:00
4.1k+

«Indi beýle edemzok»: Sukerberg kazyýetde Instagramyň algoritmlerini aklamaga çalyşýar

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kazyýetde çykyş edip, kompaniýanyň ulanyjylaryň ünsüni nädip çekýändigi we olaryň Facebook hem-de Instagram-da sarp edýän wagtyna nähili täsir edýändigi baradaky soraglara jogap berdi...

16.02.2026 16:54
3.4k+

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy...

11.02.2026 17:26
5.7k+

TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar

Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar...