ÇL-iň final oýnunyň petekleri 2022-nji ýylyň mart aýynda satuwa çykarylar

  • 09.12.2021 18:31
  • 5.4k+

Çempionlar ligasynyň Sankt-Peterburgda geçiriljek final oýnunyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Alekseý Sorokin duşuşygyň petekleriniň haçan satylyp başlanjakdygyny aýtdy. Bu barada russian.rt.com habar berdi.

“Petekleriň mart aýynda satuwa çykarylmagyna garaşýarys. Petek maksatnamasynyň aýratynlyklary hakda soňrak bileris. Finalyň tapawutly aýratynlygy, petekleriň ep-esli böleginiň finalçylaryň janköýerlerine paýlanmagydyr"-diýip, Sorokin metbugat ýygnagynda nygtady. Şeýle hem, Çempionlar ligasynyň finalynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy çäräni geçirmek babatda hiç hili kynçylyklara garaşmaýandygyny aýtdy.

Sankt-Peterburgdaky Çempionlar ligasynyň finaly 2022-nji ýylyň 28-nji maýynda bolar. Ilkibaşda rus şäheri 2021-nji ýyldaky finaly kabul etmelidi, ýöne koronawirus ýokançlygy sebäpli UEFA bu ýylky Çempionlar ligasynyň finalyny Porto şäherinde geçirmek we Sankt-Peterburga çäräni bir ýyldan soň geçirmek hukugyny bermek kararyna geldi.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......