Dreýk «Gremmi» baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi

  • 09.12.2021 09:04
  • 4.2k+

Dreýk tahallusy bilen tanalýan kanadaly repçi Obri Dreýk Greham "Gremmi" aýdym-saz baýraklaryna dalaşgärleriň sanawyndan öz adynyň aýrylmagyny sorap, Milli sungat we grammofon ýazgy tehnikasy akademiýasyna ýüz tutdy. Bu barada akademiýanyň wekiline salgylanyp, Variety žurnaly habar berdi.

Žurnalyň ýazmagyna görä, aýdymçy “Certified Lover Boy” aýdymy üçin “Iň gowy rep albomy” ugry boýunça, şeýle hem “Way 2 Sexy” aýdymy üçin “Iň gowy rep ýerine ýetirijiligi” ugry boýunça dalaşgärleriň arasyndady. Baýragyň web sahypasynda görkezilen maglumatlara görä, Milli akademiýa onuň adyny eýýäm dalaşgärleriň sanawyndan aýyrdy. Repçiniň wekilleri bu barada maglumat bermekden saklandylar. Muňa onuň baýragyň guramaçylary bilen jedelli gatnaşyklary sebäp boldy diýip, Variety žurnaly belleýär.

Ýatlap geçsek, 64-nji "Gremmi" baýraklarynyň gowşurylyşy 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Los-Anjelesde geçiriler. Onda dalaşgärler jemi 85 ugur boýunça bäsleşerler.

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....