Ýulduz Jumabaýewa Daşkentdäki dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy

  • 09.12.2021 08:51
  • 20k+

Özbegistanyň Daşkent şäherinde dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa ýaryşyň kiçi bürünç medalyna eýe bolup, nobatdaky çempionatda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy. TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Daşkent çempionatynda ýurdumyzdan ilkinji bolup Ýulduz Jumabaýewa we Bägül Berdiýewa medal ugrunda ýaryşa başladylar. Olar «A» toparda düýn, 8-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da çykyş etdiler.

Ýulduz Jumabaýewa 49 kilograma çenli agramda çykyş edip, itekläp götermekde 76 kilogram agyrlygy götermegi başardy. Ol bu agramy ikinji synanyşygynda galdyrdy, birinji synanyşykda bolsa oňa hötde gelip bilmedi. Üçünji synanyşygynda-da türgen gyzymyz sargyt eden 79 kilogram agyrlygyny galdyryp bilmedi. Ol silterläp götermekde iki gezek 100 kilogram we bir gezek 101 kilogram sargyt etdi, ýöne Ýulduzyň üç synanyşygy hem şowsuz tamamlandy.
Agyr atletika boýunça Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda 49 kilograma çenli agram derejesinde tailandly türgen Suroçana Kambao altyn, ýaponiýaly türgen Rira Suzuki bolsa kümüş medal gazanyp, Ýulduz Jumabaýewa bilen bilelikde hormat münberine çykmagy başardylar.
Şol agram derejesinde çykyş eden ýene bir ildeşimiz Bägül Berdiýewa bolsa itekläp götermekde 74, silterläp götermekde 92 kilogram netije görkezdi.
Şu gün, 9-njy dekabrda 16:00-da «A» toparda ildeşimiz Seýitjan Mirzaýewiň 61 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etmegine garaşylýar.


06.04.2026 10:44
8.6k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....

03.04.2026 19:30
3.7k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

31.03.2026 20:07
13k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......