Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi

  • 08.12.2021 14:37
  • 8.6k+

Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň öňki aýaly ýazyjy Makkenzi Skott Forbes žurnaly boýunça dünýäniň iň abraýly 100 zenanynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada neşiriň web sahypasyna salgylanyp, novayagazeta.ru habar berýär.

Makkenzi Skott birinji orna haýyr-sahawat ugrunda alyp barýan işleri üçin mynasyp boldy. Ikinji ýeri ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, üçünji orny Halkara Walýuta Gaznasynyň müdiri Kristin Lagard eýeledi.
Şeýle-de, ilkinji bäşlige General Motors-yň baş direktory Meri Barra we telekeçi hem-de Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň öňki aýaly Melinda Geýts hem girdi.
Neşiriň bellemegine görä, Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkel 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sanawda birinji orna düşmedi. Ondan öň Merkel yzly-yzyna 10 ýyl sanawda birinji ýeri eýeläpdi.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.9k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.8k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...