Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi

  • 08.12.2021 16:33
  • 9.5k+

«Pari Sen-Žermen» klubynyň hüjümçisi Lionel Messi futbol karýerasynda ady rowaýata öwrülen braziliýaly Peleden has köp gol geçirdi. Argentinaly oýunçy bu görkezijä Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Brýugge» klubyna dubl edip gazandy.

Messi karýerasynda 758 gol geçirdi, şol bir wagtda RSSSF-niň maglumatlaryna görä, Braziliýanyň «Santosynyň» öňki hüjümçisi 757 gol geçirdi.
Öň, Leo Peläniň gollar boýunça rekordyny täzeläpdi, ýöne ol diňe milli ýygyndylaryň düzüminde şeýledi. Messi klubyň düzüminde 678 gol, milli ýygyndynyň düzüminde 80 gol geçirdi. Pele klubyň düzüminde 680 gol, ýygyndynyň düzüminde bolsa 77 gol geçirdi.
Şeýlelikde, Messi bu görkeziji babatda diňe «Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan yza galýar. ESPN portalynyň statistikasyna görä, portugaliýaly oýunçy ýakynda karýerasynda 800-nji goluny geçirdi.


şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
1.9k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....