Angliýada öňden düzülen ýeňil parollary ulanmak gadagan ediler

  • 05.12.2021 22:41
  • 2.9k+

Angliýanyň hökümeti sarp edijileri telefonlaryna, planşetlerine, akylly telewizorlaryna, fitnes-trekerlerine we beýleki internete birikdirilen enjamlara amala aşyrylyp bilinjek haker hüjümlerinden has gowy gorajak kanun kabul etdi. Bu barada UK Government-e salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Täze kabul edilen kanun öňden düzülen parollar bilen baglanyşykly. Ol internet bilen baglanyşykly enjamlary öndürijilerden, import edijilerden we paýlaýjylardan berk kiberhowpsuzlyk standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmegi talap eder. Bu talaplary ýerine ýetirmedikler agyr jerime tölemeli bolarlar.
Kanun enjamlarda öňden düzülen ählumumy parollary goýmagy gadagan eder.  Ulanyjy indi öz gadjetinde password we admin ýaly aňsat bilip bolýan paroly bardyr öýdüp alada etmeli bolmaz. Beýle parollar köplenç hakerleriň enjamlara hüjüm etmegini aňsatlaşdyrýar.


29.04.2026 13:40
827

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.7k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......

24.04.2026 00:14
6.1k+

Britaniýa «çilimden azat nesil» üçin ýaşlara temmäki satmagy ömürlik gadagan edýän kanuny tassyklady

Britan parlamentiniň iki palatasy hem 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap doglan ähli raýatlara temmäki önümlerini we elektron çilimleri satmagy ömürlik gadagan edýän taryhy kanun taslamasyny tassyklady....

17.04.2026 07:34
2.2k+

Britaniýaly dizaýner arylar üçin 3D-printerde çap edilen gülleri döretdi

Britaniýaly dizaýner Jastina Aleksandroff «Faux Flora» atly taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslama 3D-printerde çap edilen emeli güllerden ybarat bolup, olar hapalanan howa şertlerinde arylar üçin ysly çelgi......