Gotham Awards film baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 03.12.2021 00:51
  • 6.7k+

30-njy noýabr gijesi her ýyl geçirilýän Gotham Awards film baýraklarynyň 31-nji baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada lifehacker.ru habar berdi.

Gotham Awards film baýraklary, adatça, kiçi býudjetli (35 million dollara çenli) garaşsyz taslamalary öz içine alýar. Onuň dalaşgärleri film tankytçylary, žurnalistler we film kuratorlary tarapyndan saýlanylýar.

Gotham Awards 2021-iň iň gowy filmi diýlip, Meggi Jillenholyň “Nätanyş gyz” (Netflix) atly dramasy ykrar edildi. Şeýle hem, ol iň oňat ssenariýa üçin berilýän Bingham Ray Breakthrough Director Award ýörite baýragyny aldy.

Bu ýyl Günorta Koreýanyň “Kalmar oýunlary” (Netflix) serialy iň gowy teleserial (40 minutdan geçýän bölümli) ugry boýunça ýeňiji boldy.

Gotham Awards 2021 baýraklarynyň beýleki ýeňijileri şulardan ybarat:

Iň oňat dokumental film - "Gaçyş" ("Flee").
Iň oňat daşary ýurt taslamasy - "Meniň ulagymyň ruluna geç" ("Drive My Car") .
Iň oňat serial (40 minuda çenli bölümli) - "Gorag itleri" ("Reservation Dogs").
Iň oňat non-fikşn serialy - "Filadelfiýanyň etrap prokurory" ("District Attorney of Philadelphia").
Aktýor ansambly üçin eminler baýragy - "Ýykylmak has agyr" ("The Harder They Fall") .

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....