Ilon Mask Tesla-nyň täze önümini – «kiberjürlewügi» hödürledi

  • 03.12.2021 00:45
  • 8.7k+

Amerikaly işewür, SpaceX we Tesla kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask täze önümini – «kiberjürlewügi» hödürledi. Bu barada www.rbc.ru habar berýär. 

“Tesla-da sykylykla” – diýip, ol Twitterde ýazdy we bu habara harydy satyn almak üçin internet dükanynyň saýtyna salgylanmany goşdy. 

Tesla-nyň sahypasynda “kiberjürlewük” “ýylmanan poslamaýan polatdan ýasalan premium kolleksiýa önümi” hökmünde suratlandyrylýar. Onuň şekili Tesla-nyň elektromobilleriniň biri bolan Cybertruck-yň konseptini gaýtalaýar. Onuň bahasy $50.

2018-nji ýylda Mask howpsuz ýanyp duran suwuklyk sowurýan ýaraglaryň çäklendirilen tapgyryny satuwa goýberdi. 500 dollar bahaly 20 müň nusganyň ählisi bir hepdeden az wagtyň içinde satyldy. 


düýn 00:17
4.3k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

07.05.2026 11:24
1.7k+

Ilon Mask X platformasynyň mahabat ulgamynda soňky 20 ýylyň iň uly täzelenmesini yglan etdi

Ilon Mask X platformasynyň (öňki Twitter) mahabat ulgamynda soňky 20 ýylyň dowamyndaky iň uly döwrebaplaşdyrmanyň başlanjakdygyny habar berdi. Kompaniýa mahabat platformasyny doly düýbünden täzeden gurýar we......

04.05.2026 13:11
3.2k+

Täze Grok Imagine çykdy: Ilon Mask wideolarda öň görülmedik hakykylygy wada berýär

Ilon Mask ýokary hilli wideolary we suratlary döretmek üçin niýetlenen Grok Imagine emeli aň modeliniň täzelenen görnüşiniň işe girizilendigini resmi taýdan yglan etdi....

04.05.2026 10:55
537

SpaceX kompaniýasy IPO-dan öň maýadarlary orbital maglumat merkezi taslamasynyň töwekgelçilikleri barada duýdurdy

2026-njy ýylyň iýun aýynda paýnamalary ilkinji gezek köpçülige hödürlemegi (IPO) meýilleşdirýän SpaceX kompaniýasy potensial maýadarlary emeli aň üçin orbital maglumat merkezlerini döretmek bilen baglanyşykly......