Merriam-Webster sözlügi “waksinany” ýylyň sözi hökmünde saýlady

  • 02.12.2021 23:57
  • 2.2k+
Merriam-Webster sözlügi “waksinany” ýylyň sözi hökmünde saýlady

Merriam-Webster amerikan düşündirişli sözlügi “waksinany” 2021-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu barada sözlügiň saýtyndaky beýannamada aýdylýar. Muny www.interfax.ru ýetirýär.

“Gündelik ulanylyşda sözler beýannamalary, pikirleri, islegleri we kesgitsizlikleri beýan etmäge kömek edýän gurallardyr. Ýöne olar ideologik gapma-garşylyk üçin hem serişde bolup bilýärler. 2021-nji ýylda “waksina” bilen hem şeýle boldy” – diýlip, Merriam-Webster-iň saýtynda bellenilýär.

Şeýle-de, döwrümiziň iň uly ylmy taryhynyň syýasy jedele we gapma-garşylyklaryň merkezine öwrülendigi we bu iki taryhyň merkezinde-de “waksina” sözüniň bolandygy bellenilýär. Merriam-Webster-iň maglumatlary boýunça, “waksina” sözi bilen bagly gözlegleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 601%, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 1048% ýokarlandy.

Sözlük 2021-nji ýylda has köp ünsi çeken ýene 10 sözi tapawutlandyrdy. Olar şeýle sözlerdir: "Insurrection", "Perseverance", "Woke", "Nomad", "Infrastructure", "Cicada", "Murraya", "Cisgender", "Guardian", "Meta".

2020-nji ýylda Merriam-Webster-iň pikiri boýunça ýylyň sözi “pandemiýa” boldy.


28.08.2023 11:47
21k+

Qantas awiakompaniýasy pandemiýa döwründe wepaly galan işgärlerine 7000 dollar bonus berer

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasyndan soň düzümini saklap galmak maksady bilen işgärlerine 2022-nji ýylyň başynda wada beren baýraklaryny paýnama we pul görnüşinde tölär. Qantas azyndan...

10.06.2023 16:56
7.1k+

BSGG: soňky bir aýda dünýäde koronawirusdan ýogalanlaryň sany 47% azaldy

8-nji maýdan 4-nji iýuna çenli dünýäde 1,7 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi, 10,4 müňden gowrak adam aradan çykdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň penşenbe güni agşam beren habaryna görä...

26.04.2023 23:55
9.9k+

Ýaponiýa 29-njy aprelden COVID-19 sebäpli ähli giriş çäklendirmelerini ýatyrar

Ýaponiýanyň häkimiýetleri 29-njy aprelden koronawirus sebäpli hereket edýän girişde çäklendiriji çäreleri ýatyrmakçy bolýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär. Ilkibaşda çäklendirmeleri...

01.02.2023 10:14
10k+

ABŞ kowid zerarly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini maýda ýatyrmagy meýilleşdirýär

ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy. "2020-nji ýylda ýurtda...