Steam platformasy 27,1 milliondan gowrak onlaýn ulanyjy bilen täze rekord goýdy

  • 05.12.2021 22:47
  • 3.3k+

Steam sanly platformasy bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. Valve dükanynda dürli üýtgeşmeleri yzarlaýan SteamDB portaly iň ýokary derejede platformadan 27 182 165 adamyň peýdalanandygyny habar berdi. Muny 3dnews.ru ýetirýär.

26,9 mln bolan mundan öňki rekord şu ýylyň aprel aýynda goýlupdy. Fewral aýynda Steam 26 mln onlaýn ýagdaýy bilen öwnüp bilýärdi. Geçen ýyl pandemiýa esasynda platforma bir wagtyň özünde ulanyjylaryň sany boýunça hususy rekordyny alty gezek täzeledi. 

Steam-yň bu üstünligi 47 müň oýunlara, goşmaçalara we programmalara arzanladyş bilen güýzki satuwyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Aksiýanyň çäginde Cyberpunk 2077 ilkinji gezek 50% arzanladyş aldy, taslamanyň özi bolsa ulanyjylaryň baha bermegi boýunça reýtingini 76%-e ýetirmegi başardy. Satuwda CD Project RED studiýasynyň ekşn žanryndaky rol oýnunda iň ýokary derejeli onlaýn 25 294 adam boldy. 

28-nji noýabrda onlaýnyň iň ýokary derejesi boýunça liderler Counter Strike: Global Offensive (941 571), Dota 2 (680 734), PUBG: BATTLEGROUNDS (341 570), Apex Legends (234 487) we New World (159 939) boldy. 


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....