GAR-dan lukman COVID-19-yň omikron-ştammy bilen kesellemegiň esasy alamatyny aýtdy

  • 01.12.2021 09:24
  • 17k+

Koronawirusyň omikron-ştammy bilen kesellemegiň ilkinji we esasy alamatlary adamyň güýçli ýadawlygynda we kellagyryda ýüze çykýar, ýöne temperaturanyň ýokarlanmagy we bokurdagyň agyrmagy seýrek bolýar. Bu barada TASS-a ýurduň paýtagty Pretoriýanyň eteginde lukmançylyk tejribesi bilen meşgullanýan GAR-yň Lukmançylyk assosiasiýasynyň başlygy Anželik Kutze aýtdy. 

“Takmynan, 10 gün mundan öň meniň ýanyma güýçli ýadawlykdan we agyr haldan, şeýle-de güýçli kellagyrydan zeýrenýän hassalar gelip başlady. Diňe biriniň ýa-da ikisiniň beden temperaturasy birneme ýokarydy we bokurdagy agyrýardy. Adamlar özleriniň erbet hallarynyň ikinji ýa-da üçünji güni geldiler. Ýöne olaryň hiç biri koronawirus bilen keselläp biljekdigi barada pikir etmedi, sebäbi COVID-19 üçin adaty bolan alamatlar ýokdy. Şeýle-de bolsa, geçirilen barlaglar olaryň soň “omikron” adyny alan täze ştamm sebäpli ýüze çykan koronawirus bilen keselländigini görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, kesellän adamlaryň ganynda kislorod derejesi peselmedi” – diýip, ol aýtdy. Ýagny, gürrüň onlarça adam barada gidýär.   

Kutze koronawirusyň omikron ştammy bilen kesellän hassalaryň hiç biriniň hassahana ýerleşdirilmändigini belledi. “Omikron ştamm bilen kesellänlere hassahana idegi we kislorod gerek däl. Maňa kömek sorap ýüz tutanlar 2-3 günüň içinde sagaldylar. Bu döwürde olar öýlerinde boldular” – diýip, ol belledi.

GAR-yň lukmançylyk assosiasiýasynyň başlygy, esasan, omikron ştamm bilen ýaş adamlaryň keselleýändigini, ýöne alty ýaşly çaganyň hem bolandygyny aýtdy. 

Hünärmenleriň pikiriçe, tiken görnüşli belokdaky birbada birnäçe üýtgeşme antibedenjikler bilen patogeniň zyýansyzlandyrylmagyny kynlaşdyryp biler, bu hem sanjymlaryň netijeliligine täsir edýär. Mundan başga-da, deslapky maglumatlara görä, ştamm ýaýramaga ukyply. Kesel hadysalary Ysraýylda, Belgiýada, Gonkongda, Germaniýada, Beýik Britaniýada, Italiýada we Awstraliýada tassyklandy. 

Omikron ştammynyň ýaýramagynyň global merkezi Afrikanyň günortasydyr. 


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...