2021-nji ýyl boýunça dünýäniň iň meşhur smartfonlary belli boldy

  • 29.11.2021 01:44
  • 11k+

IDC analitika kompaniýasy 2021-nji ýylyň üç çärýegi boýunça dünýäde smartfonlaryň satuwy baradaky maglumatlary paýlaşdy. Onuň netijesinde, iň meşhur modelleriň bäşisi kesgitlendi. Bu barada IDC-e salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Iň gowy 5-likdäki smartfonlaryň tas hemmesi diýen ýaly iPhone smartfonlary bolup durýar. Birinji ýeri iPhone 12 eýeledi. Ikinji orna, duýdansyz ýagdaýda, Samsung Galaxy A12 smartfony mynasyp boldy. Ondan soň bolsa diňe Apple-iň smartfonlary - iPhone 11, iPhone 12 Pro Max, iPhone 12 Pro ýerleşýär. Görşüňiz ýaly, iPhone-yň 13-nji seriýasy ilkinji 5-lige girmäge ýetişmedi.
Ýatlap geçsek, mundan bir ýarym ýyl ozal dünýäde iň meşhur smartfon iPhone 11 boldy. Mundan başga-da, ilkinji 5-lige iki sany Redmi we iki sany Samsung smartfony girdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....