Demirgazyk buzly ummanynda maýlama garaşylýanyndan has ir başlady

  • 29.11.2021 02:04
  • 12k+

Alymlar Demirgazyk buzly ummanynyň ozalky garaşylýandan has ir ýylap başlandygyny ýüze çykardylar. Bu barada Science Advances-e salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Halkara alymlar topary Demirgazyk buzly ummanynda ýaşaýan mikroorganizmleriň himiki düzümini öwrenmegiň barşynda ummanyň XX asyryň başynda gyzyp başlandygyny anykladylar. Munuň özi ozalky garaşylyşyndan birnäçe onýyllyk irdir diýip, çeşme belleýär.

Alymlaryň nygtamagyna görä, suwuň ýylamagynyň sebäbi - atlantifikasiýa prosesi, ýagny Demirgazyk buzly ummanynda has ýyly we duzly Atlantik suwlarynyň köpelmegi bolup durýar. Munuň sebäbi bolsa Grenlandiýanyň buz örtüginiň eremegi zerarly Labrador deňzinde suwuň aýlanyşynyň haýallamagydyr. Alymlar bu proseslere 1940-njy ýyllaryň ortalarynda üns berdiler.

Ýeri gelende bellesek, häzirki zaman howany modelleşdirme ulgamlary atlantifikasiýa faktorlaryny göz öňünde tutmaýar. Bu bolsa, öz gezeginde, proseslere düşünmegi kynlaşdyrýar.


29.05.2026 23:56
6.4k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....