Norwegiýada ilkinji elektrikli ýük gämisi suwa goýberildi

  • 29.11.2021 02:15
  • 5k+

Ýakynda dünýäde ilkinji elektrikli ýük gämisi suwa goýberildi. Bu barada TechXplore salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

Elektrikli “Yara Birkeland” gämisi on dört kilometr aralygy geçip, ilkinji gezek günorta-gündogar Porsgrunn şäherindäki zawoddan Brewik portuna ýük eltdi. Konteýner daşaýjy gämi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ýük gämisi boldy.
Gäminiň uzynlygy 80 metr bolup, ol 3200 tonna çenli ýük alyp biler. Geljekde "Yara Birkeland" borty adamsyz özbaşdak hereket eder. Şeýle-de bolsa, ähli ulgamlar doly ýola goýulýança, ilkinji iki ýylda onda hökman ekipaž bolar.
Hünärmenleriň pikiriçe, elektrikli konteýner daşaýjy gämi dizel ýangyjynda işleýän ýük gämilerine, takmynan, her ýyl 40 müň gatnaw etmek zerurlygyny aradan aýyrar.


14.06.2026 22:32
4.3k+

Norwegiýada gämiler üçin dünýäde ilkinji geçelge gurlar: ol dag toplumynyň içinden geçer

Norwegiýanyň häkimiýetleri dünýäde ilkinji ýörite deňiz gämileri üçin niýetlenen, dag toplumynyň içinden geçjek tuneliň gurluşyk meýilnamasyny tassykladylar. «Stad Ship Tunnel» taslamasy gämilere ýurduň......

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

15.05.2026 11:33
3.4k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

13.05.2026 12:33
8.5k+

Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy....