Tapawutlanan harby gullukçylara hünär baýramy mynasybetli döwlet sylaglary berler

  • 27.11.2021 07:43
  • 8.6k+

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýolbaşçylary Watan goragçylarynyň hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar hem-de medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdiler. Şeýle-de goşun bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga we Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş edaralarda görülýän çäreler barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselä degip geçip, dabaralaryň harby gullukçylaryň her biri üçin täze üstünliklere ruhlandyrýan uly waka hökmünde olaryň ýadynda galmalydygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de olaryň hünär baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň aýratyn tapawutlanan harby gullukçylaryny we serkerdelerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


düýn 17:46
1.3k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.4k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....