John Deere CES 2022 Innovation Awards bäsleşiginde iki ugur boýunça ýeňiji boldy

  • 26.11.2021 17:21
  • 5.6k+

Jon Deere tehnologiýalar kompaniýasy CES 2022 sergisinde iki baýraga mynasyp boldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, igrader.ru habar berdi.

Kompaniýa Innovation Awards baýraklarynda özüniň See & Spray Select tehnologiýasy üçin "Robot tehnikasy" hem-de "Akylly ulag serişdesi ugurlary boýunça ýeňiji boldy. Innovation Awards baýraklary "Robot tehnikasy" ugry boýunça belli bir maksatlar üçin niýetlenen "akylly" ýa-da intellektual awtoulaglary döredendigi üçin berilýär. "Akylly ulag serişdesi" ugry boýunça bolsa ýörite ulaglaryň ýa-da awtoulaglaryň dolandyryşy bilen birleşdirilip döredilen ulaglar ýa-da awtomobiller üçin berilýär.

CES 2022 sergisiniň özi 5-8-nji ýanwar aralygynda Las-Wegasda geçiriler we onlaýn ýagdaýda alnyp görkeziler.


düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
896

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......