Günorta Koreýada dünýäde ilkinji ýüzýän şäheriň prototipi gurlar

  • 24.11.2021 14:54
  • 12k+

Günorta Koreýanyň Pusan şäheriniň hökümeti, BMG-niň Habitat maksatnamasy we OCEANIX dünýäde ilkinji durnukly ýüzýän şäheriň prototipini gurmak barada şertnama baglaşdylar. Muny Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) we OCEANIX-iň beýanatyna salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berdi.

BIG Oceanix atly ýüzýän şäher “Bjarke Ingels Group” halkara arhitektura firmasynyň çyzgysy esasynda gurlar. Ol ilkinji gezek 2019-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ýüzýän şäherler boýunça ýokary derejeli Tegelek stolunda hödürlenipdi.

Ýüzýän şäher deňiz bilen ýokary göterilýän we suw basmadan goragly, doly integrirlenen nol galyndyly ulgamlary arkaly öz iýmitini, energiýasyny we süýji suwuny öndürip bilýän infrastruktura hökmünde göz öňünde tutulýar. Durnukly ýüzýän şäher konsepsiýasy kenarýaka şäherlerde okeanyň derejesiniň ýokarlanmagyna jogap hökmünde işlenip düzüldi.

“Suw bilen söweşmegiň ýerine, geliň, onuň bilen sazlaşykly ýaşamagy öwreneliň. Ýüzýän şäher konsepsiýasy bilen tebigy çözgütleri taýýarlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we Pusan - prototipi gurmak üçin iň amatly saýlawdyr" diýip, BMG-niň Habibat maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Maýmuna Mohd Şarif belleýär.


düýn 18:51
3.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....