Salwadorda «Bitkoin siti» şäheri gurlar

  • 24.11.2021 09:56
  • 5.3k+

Salwador dünýäde ilkinji bitkoin obligasiýalaryny çykarmak we wulkanyň golaýynda girdeji salgydyndan azat "Bitkoin siti" şäherini gurmak isleýär diýip, ýurduň Prezidenti Naýib Bukele mälim etdi. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, vedomosti.ru habar berdi.

Salwadoryň Prezidenti şeýle beýanaty kriptografik walýutalary wagyz etmek boýunça hepdeligiň jemleýji çäresinde berdi. Ýurduň häkimiýetleri Liquid Network torunda 1 milliard dollarlyk bitkoin obligasiýalaryny ýerleşdirmek üçin eýýäm Blockstream blokçeýn-kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Kompaniýanyň baş strategi Samson Mou "wulkan obligasiýalarynyň" serişdeleriniň ýarysynyň bitkoinler üçin, galan böleginiň bolsa mümkin boljak geotermal elektrik stansiýasyny gurmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy. "Bitkoin Siti" La Unionyň gündogar sebitinde peýda bolar.

“Bu ýere maýa goýuň we isläniňizçe pul gazanyň. Bu - wulkan bilen işleýän we ondan energiýa alýan, ekologiýa taýdan arassa şäher"-diýip, Bukele aýtdy.


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

08.03.2025 17:16
5.9k+

Salwadorda ýüz keşbini üýtgedýän 2400 ýyllyk gurjaklar tapyldy

Salwadorda piramida gurluşynyň depesinde arheologlar täsin ýüzleri bolan 2400 ýyllyk keramiki gurjaklary tapdy – olaryň ýüz keşbi syn ediş burçuna baglylykda üýtgeýär. Ilkibaşda alymlar gurjaklaryň gurban etme...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

09.01.2025 14:15
3.8k+

Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny...