“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy

  • 22.11.2021 23:46
  • 5.4k+

Daniel Kreýgiň Jeýms Bond hakyndaky iň soňky filmi 2021-nji ýylda we bütin pandemiýa döwründe resmi taýdan iň köp girdeji gazanan film boldy. Keri Fukunaginiň filmi hepdäniň ahyrynda dünýä kassa ýygymynda 733 million dollar toplamagy başardy. Bu barada Dieadline salgylanyp, kanobu.ru habar berdi.

"Ölmegiň wagty däl" öý prokaty boýunça 154 million dollar we halkara derejede 579 million dollar girdeji gazandy. Şeýlelikde, film 725 million dollar girdeji gazanan “Forsaž 9” filminiň rekordyny täzelemegi başardy. Bu filmleriň ikisiniň hem öndüren Universal şu ýyl girdejisi 700 million dollardan geçen ýeke-täk kinostudiýa boldy.

“Ölmegiň wagty däl” filminde Deniel Kreýgden başga-da Rami Malek, Lea Seýdu, Laşana Linç, Ben Uişou, Jeffri Raýt, Kristof Waltz, Reýf Faýns we Ana de Armas dagylar çykyş etdiler.

20.05.2026 12:28
1.9k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.5k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....