Krouford nokaut bilen Porteri ýeňip, WBO-nyň çempionlyk adyny saklap galdy

  • 22.11.2021 23:37
  • 3.4k+

Bütindünýä boks guramasy (WBO) boýunça ýarym orta agramda dünýä çempiony (66,7 kg çenli) amerikaly Terens Krouford öz watandaşy Şon Porteri ýeňip, çempionlyk adyny saklap galdy.

Şenbe güni Las Wegasda geçirilen söweşde 34 ýaşly Kroufor garşydaşyny onunjy raundda tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy.
Netijede, Krouford 38 söweşde 38-nji ýeňşini gazandy (29-y nokaut bilen). Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) we Halkara Boks Federasiýasynyň (IBF) öňki çempiony 34 ýaşly Porter üçin bu dördünji ýeňliş boldy. Şeýle hem onuň hasabynda bir deňlik we 31 ýeňiş (17-si nokaut bilen) bar.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....