Lýuis Hemilton Kataryň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 21.11.2021 22:36
  • 2.5k+

«Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Kataryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji orny “Red Bull-da” çykyş edýän niderlandly Maks Werstappen eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Alpin” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Fernando Alonso geldi. 

Werstappen saýlama tapgyry wagtynda sary baýdaklara äsgermezlik edendigi üçin jerime aldy. Ikinji orny eýelän niderlandly sürüji ýaryşa ýedinji orundan başlady. 

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda Werstappen liderligini saklady (351,5 utuk). Ikinji orny Hemilton (343,5), üçünji orny “Mersedesiň” finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas (203) eýeledi. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny Mersedes (546,5 utuk) eýeleýär, ikinji orunda “Red Bull” (541,5), üçünji orunda “Ferrari” (297,5) ýerleşýär.

40 ýaşly Alonso 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek podiuma çykdy. Ol iki gezek dünýä çempionydyr (2005, 2006). 2018-nji ýylyň möwsümi tamamlanandan soň, ol “Formula-1-de” karýerasyny togtatdy. Alonso çempionata 2021-nji ýylda gaýdyp geldi, onuň “Alpin” bilen şertnamasy iki möwsüme niýetlenýär.

Katar “Formula-1” tapgyryny ilkinji gezek kabul etdi, Gran-prini geçirmek baradaky şertnama sentýabr aýynda gol çekildi, ol on ýyl üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa, häzirki ýaryş şertnamadan daşary geçirildi, ýagny Katar Awstraliýanyň Gran-prisi ýatyrylandan soň senenamada boşan orny eýeledi. Indiki ýyl hem Katarda tapgyr geçirilmez, sebäbi ýurt futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär. Gran-pri üýtgewsiz 2023-nji ýyldan geçirilip başlanar. 

 “Formula-1” dünýä çempionatynyň iň soňkudan öňki, 21-nji tapgyry 3 – 5-nji dekabrda Saud Arabystanynda geçiriler.


05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....